Çöregiň taryhymyzdaky gadyr-gymmaty barada.

Halkymyzda hamyr ýugrup, çörek bişirmegiň özboluşly kadasy bar. Durmuşa ornaşan däbe görä, çörek bişirmegi niýet edinen päkize zenan maşgala tamdyryň başyna baryp, ot goýberip başlanda, tamdyryň piri Pirpugtany çagyrmak bilen, yhlasynyň myrat bolmagyny dileg eder eken. Şeýdip ene-mamalarymyz güberçekläp duran pirli tamdyra çörek ýapyp, oňa gül suwuny berip, tagamly ysy bir menzile ýaýraýan mele-myssyk çöregi bişiripdirler. Hormatly Prezidentimiz: «Çörek diňe bir möhüm iýmit bolman, eýsem, tebigatyň ynsana beren mukaddes peşgeşidir» diýip jaýdar belleýär. Gahryman Arkadagymyz müň keren mamla, çünki çörek ynsan ömrüniň bütin dowamynda oňa hemra bolýan mukaddeslikleriň esasylarynyň biri.

Hojalykda mümkin boldugyça, tamdyr açyk-alaň ýerde bolupdyr. Tamdyr ussalary bişen çöreklerdir kökeleri goýmak üçin tamdyryň gapdalynda ýörite geriş ýer edipdirler. Tamdyr başyndaky zenan bişen howurly çörekleriniň az-kem gyzgyny sowap, ýüzüniň çalykmagy üçin şol ýere ýaplap goýupdyr. Şol wagt biri golaý ýerdäki ýoldan geçip barýan bolsa, çörek bişirýän ene hökman ötegçä çörek hödür edipdir. Muňa il içinde «Tamdyrýap dessury» diýlipdir. Bu dessur häzirki günlerde hem ähmiýetini ýitirmän gelýär.

demo

Habarlaşmak üçin

Bu bölümçede siz bize önümçilik hakda öz teswirleriňizi ugradyp bilersiňiz