ÇÖREK MUKADDESLIKDIR
Türkmeniň ak bugdaýynyň, çöreginiň aýratyn datly bolmagy biziň howa şertlerimizde bugdaý dänesinde adama has ýokumly bolan iýmit maddalaryň doly bahaly beloklaryň we aminokislotalaryň toplanmagydyr. Irki wagtlardan bäri çöregiň keramaty, gymmaty dogrusynda dürli däp-dessurlar döredilipdir. Ýagny, miladydan öňki 1-nji müňýyllygyň ýazuw ýadygärliginiň biri bolan “Awestada” hem çöregiň keramatly güýje eýedigi beýan edilýär: “Berekediň açary daýhanyň elindedir. Däne peýda bolanda, döwler derleýärler, degirmen peýda bolanda, döwler howsala düşýärler, un peýda bolanda, döwler ondan hem beter gorkýarlar.” Mundan başga-da, türkmenler uzak ýola düşenlerinde, ýoldaşlyk üçin tamdyrdan lowurdap çykan mele-myssyk çöregi ýanlaryndan goýmandyrlar. Şeýle hem, türkmen çöregiň üstünden ätlemek, basmak, çöwre dolamak, çöregi pyçak bilen kesmek, iki çetinden döwüp almak, oklamak, zyňmak, syňragyň bilen tutmak, bir eliň bilen döwmek, saçakda düňderip goýmak, tamdyry, ojagy ýykmak uly we külli günä, biedeplik hasaplanýar. Dänä, bugdaýa, duz-çörege, tamdyra, ojaga togap etmek halkymyzyň iň bir mukaddes dessury.

Habarlaşmak üçin
Bu bölümçede siz bize önümçilik hakda öz teswirleriňizi ugradyp bilersiňiz