Türkmen Telekeçileriniň Çörek Önümleriniň Sergisi

Ýakynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň söwda merkezinde ene topragymyzyň sahylygyny şöhratlandyrýan “Rysgal başy bugdaýdyr” atly sergi boldy. Ýurdumyzyň telekeliçileri tarapyndan öndürilen çörek önümleriniň köp görnüşleri görkezilen bu sergi Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi we Türkmenistanyň Zenanllar birleşiginiň Merkezi geňeşi, Türkmenistanyň Agrar partiýasy tarapyndan guraldy.

Sergi ýurdumuzyň agrosenagat pudagynda hem-de bu pudagyň esasy ugurlarynyň biri bolan däneçilikde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda amala aşyrylýan  giň göwrümli özgertmeleriň üstünlükli durmuşa geçirilýänliginiň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça häzirki zaman tehnologiýalaryny hem-de ylmyň iň täze gazananlaryny ornaşdyrmaklyga uly üns berilýän we ileri tutulýan bu ugurda amala aşyrylýan anyk işler bugdaýy we beýleki galla önümlerini öndürmekde toplumlaýyn özgertmelere güýçli itergi berdi.

Ýokary hilli azyk önümleriniň görnüşlerini artdyrmak ýurdumyzyň telekeçileriniň öňünde goýlan wajyp wezipeleriň biridir. Soňky ýyllarda ýurdumuzda öndürilýän bugdaýdan un üweýän, çörek bişirýän, köke we aş önümlerini öndürýän kärhanalaryň ençemesi peýda boldy. Öndürilýän önümleri gaplamak üçin oňaýly şertler döredildi. Pudagyň alyjylara çöregi we çörek önümlerini  gysga wagtda gyzgyny bilen ýetirmäge mükinçilik berýän tehniki üpjünçiligi has gowulandyryldy. 

demo

Habarlaşmak üçin

Bu bölümçede siz bize önümçilik hakda öz teswirleriňizi ugradyp bilersiňiz