“Türkmengallaönümleri” Döwlet birleşigi — ilaty ýokary hilli galla önümleri bilen islegini döwlet standartlaryna laýyklykda ýokary hilli kanagatlandyrmak, önümçilik kuwwatlyklaryny we maddy-maliýe serişdelerini modernizasiýa arkaly rejeli peýdalanmak, zähmet öndürijiligini hem-de ykdysady netijeliligi ýokarlandyrmak bilen meşgullanýar.
1.Halkyň we beýleki alyjylaryň una, çörege, konditer, bulka, kombinirlenen iýme we halkyň beýleki galla önümlerine bolan isleglerini ýokary derejede, hili boýunça kanagatlandyrýar;
2.Önümiň hilleri Döwlet standartlaryna, tehniki şertlerine laýyk goýbermekligi üpjün edýär;
3.Önüm görnüşlerini yzygiderli täzeleýär, tygşytly tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen maglumatlar esasynda strategik dolandyryşyny alyp barýar;
4.Işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyryp, öňdebaryjy tejribeleri öwrenýär we önümçilikde peýdalanýar;
5.Bugdaý dänesi we ondan öndürilýän önümleri satyn almak we satmak, saklamak, hem-de Döwlet üçin gerek bolan halatlarda gaýtadan işlemek bilen meşgullanýar.